“Arkadagly döwrüň waspy”


“Arkadagly döwrüň waspy”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem-de Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramasynyň bilelikde gurnamagynda “Arkadagly döwrüň waspy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy, ýurdumyzyň uly ösüşlere beslenýändigi, dürli pudaklarda, ulgamlarda gazanylýan üstünlikler beýik ösüşleriň şuglasydygy, röwşen geljegimize synmaz ynamdygy dogrusynda, şeýle-de Garaşsyz baky Bitarap döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk syýasaty bütin dünýä nusgalyk göreldedigi barada buýsançly söhbet etdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly şygrynyň hem-de täze 2022-nji ýylyň garşylanýan ajaýyp pursatlarynda ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini wasp edip döreden “Jan Watanym Türkmenistan” atly goşgusynyň halkymyza ajaýyp baýramçylyk sowgady bolandygy hakynda gürrüň berdiler. Şeýle hem milli edebiýatymyzyň, türkmen medeniýetiniň ösmegine hem baýlaşmagyna taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşlar aýdyp, halkymyzyň bagtyýarlyk senasy, tutuş adamzadyň islegi-parahatçylygyň hem raýdaşlygyň aýdymy bolup ýaňlanýan şeýle ajaýyp şygyrlarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.