Ene kalby bahar ýaly mylaýym


Ene kalby bahar ýaly mylaýym



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli “Gülzemin” söwda dynç-alyş merkezinde “Ene kalby bahar ýaly mylaýym” ady bilen çäre geçirdi.

Bu çärä gelen çagalar we okyjylar kitap sergilerine, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeklerinde gurjak oýunlaryna, Türkmen döwlet sirkiniň çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Biz çagalar üçin şeýle giň mümkinçilikler döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir!