“Sagdyn bedende sagdyn ruh” atly söhbetdeşlik


“Sagdyn bedende sagdyn ruh” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Arkadagly zamanasy” ýylynda aprel aýynyň 6-syna Aşgabat şäherindäki 76-njy orta mekdep bilen bilelikde “Sagdyn bedende sagdyn ruh” atly çäre geçirildi. Bu çärämize kiçi synpyň okuwçylary gatnaşdylar.
Bilşimiz ýaly, her ýyl aprel aýynyň 7-ne saglyk gününe bagyşlanyp uly çäreler geçirilýär. Geçirýän “Sagdyn bedende sagdyn ruh” atly çäremizde alyp baryjy şeýle sözler bilen başlady: ,,Döwlet baştutanymyz sportyň adam saglygyna, jemgyýetiň saglygyna edýän peýdasy barada, ýurdumyzda sporty ösdürmek arkaly ýaşlarymyzyň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, kämil aň-düşünjeli ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işleriň alnyp barylmalydygy barada öz çykyşlarynda belläp geçýär’’.
Kitaphananyň hünärmenleri çagalaryň arasynda saglyk barada we saglyga, sporta uly üns berilýändigi hakda aýdyp geçdiler. Ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlarynyň her biri sport baýramçylyklaryna öwrülýär. Ol baýramçylyklar bolsa kalplara buýsanç, guwanç duýgularyny paýlaýar.
Bu çärede kitaphananyň hünärmenleri mowzuk boýunça sergi gurnadylar. Jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda alada edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.