“Türkmen ili toý toýlaýar Garaşsyzlyk şanyna”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli “Türkmen ili toý-toýlaýar Garaşsyzlyk şanyna” atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Döredijilik duşuşygynda mukaddes Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň köp ugurlardaky ösüşiniň gözbaşy bolup, dünýä döwletleriniň ünsüni çekip, halkara derejesinde abraýynyň artandygy we döwletimiz dünýäniň ösen ýurtlarynyň birine öwrülendigi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly işleriň alnyp barylýandygy barada çykyş etdiler.
Çärede “Ýaňlan diýarym” bäsleşiginiň ýeňijileriniň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdymlar ýaňlandy. Döredijilik işgärleri ata Watanymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy öz goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda halkymyzyň asuda durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalary edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.