Arkadagyň eserleri – nesillere ýörelge


Arkadagyň eserleri – nesillere ýörelge



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde gurnamagynda «Arkadagyň eserleri – nesillere ýörelge» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döredijiligi halkyň kalbynyň nuruna öwrülip, gelejekki nesillere edebi miras, aýdyň ýol, filosofiýa taglymaty bolup hyzmat edýändigi barada bellediler. Her bir işde gollanma, hem-de maglumat çeşmesi bolan çuňňur manyly bu eserleriň, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekdäki tutýan orny şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini wagyz etmekde kitaphanalarda alnyp barylýan işler barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.