“Neslime nusgadyr mirasym meniň”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet muzeýi bilen bilelikde gurnamagynda “Neslime nusgadyr mirasym meniň” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlige pähim-parasat akabasynda gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyzyň halkyň ruhy aýnasydygyny, eziz Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy öwrenmekde, ösdürmekde möhüm işleriň alnyp barylýandygyny, sungat derejesine ýetirilen nusgalyk mirasymyzyň gadyr-gymmatynyň belentde tutulýandygyny bellediler.
Söhbetdeşlik Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen zenany - jadyly el hünäri bilen bu günki gün dünýäni özüne aşyk edýändir” diýen parasatly sözlerini mysal getirmek bilen ene-mamalarymyzyň milli mirasymyzyň ajaýyp gymmatlygy bolan halydyr palas dokamak, keçe basmak, keşde çekmek, örüm örmek , dürli alaja, jähek, aldymgaç ýüplerini taýýarlamak ýaly el işleri bilen irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelýändiklerini, müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, müdimiliginiň möhüri basylan el hünärli zenanlarymyzyň buýsanjydygyny, abraý-mertebesidigini nygtap geçdiler.
Söhbetdeşlige gatnaşan döredijilik işgärleri milli mirasymyzyň waspyny öz goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza milli mirasymyzy öwrenmekde, ösdürmekde we dünýä ýaýmakda alyp barýan işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.