«Mukaddes Garaşsyz Türkmenistanym-şahyrlaryň dillerinde dessanym»
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki 76-njy orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda «Mukaddes Garaşsyz Türkmenistanym¬¬¬¬¬-şahyrlaryň dillerinde dessanym» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş eden döredijilik işgärleri hem-de mugallymlar Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda parahatlyk we ynanyşmak ýoly bilen Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini, «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Bu çärede şahyrlaryň Garaşsyzlyk, Watan hakynda okan goşgulary, mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetiren gysga görnüşli sahnalary, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary, oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Çärä gatnaşyjylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi täze belentliklere çykarmaga, okamaga, döretmäge, zähmet çekmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.