Türkmen halk ertekileri kitabyndan “Jadyly sözüň güýji” ertekisi


Türkmen halk ertekileri kitabyndan “Jadyly sözüň güýji” ertekisi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda Türkmen halk ertekileri kitabyndan “Jadyly sözüň güýji” atly sesli okaýyş geçirildi.
Çärede halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan ertekileriň ähmiýeti barada, ertekilerde haýwanlaryň keşpleriniň sadalygy, göwrüminiň gysgalygy we suratlar bilen bezelişi çagalar üçin has-da täsirli bolandygy şeýle hem, çagalara ýaş aýratynlyklaryna görä ertekili kitaplary okap bermek, onda bolup geçýän wakalary sada dilde düşündirmek, çaganyň terbiýesinde örän ähmiýetli bolup durýar. Şeýle-de çagalara ertekileriň üsti bilen onuň gahrymanlarynda gören ajaýyp keşplerini öwrenmäge we şolara meňzemek maksady bilen, ýagşy gylyk-häsiýetlerini kämilleşdirmäge çalyşmaklaryny ündeýänlikleri barada gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda “Jadyly sözüň güýji” ertekisindäki oglanyň atasyny diňläp düşen güni hem çagalarda diňe dogruçyl bolmalydygy ýaly asylly sypatlaryň kämilleşmegine uly täsir eden ertekili kitaplar ýaş nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak terbiýeçilik ähmiýetiniň ýokarydygyny belläp geçildi.
Çäräniň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.