“Edepli gyzlar” atly söhbetdeşlik
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebinde “Edepli gyzlar” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara Hormatly Prezidentimiziň berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, ähli tutymly işleri bilen bir hatarda zenanlaryň sarpasyny belende göterýändigini we Mähriban Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly: “Goý, häzirki bagtyýar zamanamyzda ýaşaýşyň gözbaşy, durmuşymyzyň manysy bolan enelerimiziň, gelin gyzlarymyzyň belent mertebesi ýene-de şöhrata-şana beslensin, nurana ýüzleri bahar gülleri ýaly gülüp-ýylgyryp dursun! “ diýen çuň manyly bu sözleri gelin-gyzlarymyza, mährem enelere goýulýan beýik sarpadan nyşandyr diýip aýdyp berdi. Çagalar hem öz gezeginde çeper okaýyşlary bilen gyzykly çykyşlary etdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda zenanlara, mährem enelere çäksiz sarpa goýýan hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.