Gender deňligi – zenan hormatynyň beýikligi.


Gender deňligi – zenan hormatynyň beýikligi.



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy “Gender deňligi – zenan hormatynyň beýikligi” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi.
Çärede Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlaryna deň hukukly gatnaşmagynyň taglymatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen gender syýasatyny işjeň ýöredilýändigi, ata-babalarymyzdan gelýän zenana sarpa goýmak, onuň mertebesini belentde tutmak däplerini döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmekde we olaryň kanuny bähbitlerini goramakda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen uly işleriň alnyp barylýandygy şeýle-de, türkmen halky turuwbaşdan hem zenanlaryna goýýan sylag-sarpasy, gelin-gyzlaryna bolan milli garaýyşlary bilen hiç haçan hem bu syýasatdan daşda durmandygyny, maşgala terbiýesinde-de, türkmen eneleri ata hormatyny öňe tutan hem bolsalar, perzentlerine edep-terbiýäni, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryna bolan söýgüni görüm-göreldesiniň, edim-gylymlaryň, däp-dessurlaryň, galyberse-de, halk döredijiliginiň üsti bilen bermegi başarandyklaryny, görelde mekdebi bolup, biziň şu günlerimize gelip ýetendigi hakynda, geçmiş taryhymyzda hem zenanlarymyzyň diňe maşgala binýadyny berkitmekde däl, eýsem, jemgyýetçilik işlerinde hem uly ornunyň bolandygy hakynda giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly kitaby Gahryman Arkadagymyzyň eziz käbesi Ogulabat ejäniň göreldeli ömrüne, perzent terbiýesine, ile-güne bolan mährem garaýyşlaryna, galyberse-de, tutuş türkmen zenanlarynyň durmuşyna, ýurdumyzyň enelerine bagyşlanan ajaýyp eserdigini, kitapdaky süýji ýatlamalaryň her bir türkmen zenanynyň kalbyna buýsanç berýändigini öwran-öwran uly buýsanç bilen aýtdylar. Çäräniň ahyrynda diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä ýurtlary we halklary üçin hem bähbitli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.