«Çagalaryň söýgüli şahyry»


«Çagalaryň söýgüli şahyry»



Ýakynda Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebi bilen bilelikde Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Kaýum Taňrygulyýewiň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlap, «Çagalaryň söýgüli şahyry» atly duşuşyk geçirdi. Duşuşyga Kaýum Taňrygulyýewiň maşgala agzalary hem-de ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlary, artistleri gatnaşyp, ussat ýazyjynyň ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler berdiler. Dabaranyň dowamynda 37-nji orta mekdebiň okuwçylary, kitap söýüjileri Kaýum Taňrygulyýewiň goşgularyny labyzly okadylar.
Şeýle-de kitaphanamyzyň gurnan göçme kitap sergisi çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Sergide türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, çagalaryň söýgüli şahyry Kaýum Taňrygulyýewiň kitaplarynyň ençemesi ýerleşdirildi.
Çäräniň ahyrynda edebiýatymyzyň görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini ýaş nesilleriň arasynda giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.