Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby esasynda


Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby esasynda



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy 67-nji orta mekdepde hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby esasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitaby gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzy, milliligimizi, jemgyýetiň belent ahlak ýörelgelerini, durmuşyň kada-kanunlaryny özünde jemläp, bahasyna ýetip bolmajak gymmatly çeşme bolup durýandygy şeýle-de türkmen halkynyň uzak asyrlaryň dowamynda baý durmuş tejribesini, ýol-ýörelgelerimizi açyp görkezmekde, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde bu ajaýyp kitabyň ähmiýetiniň uludygy barada çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň bölümleri, içinde ýerleşdirilen tymsallardyr, rowaýatlar barada sorag-jogap alyşyldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda ýaşlarymyzyň çuňňur bilim almak üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.