“Bitarap Türkmenistan – ösüşleriň mekany”


“Bitarap Türkmenistan – ösüşleriň mekany”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen 106-njy orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Bitarap Türkmenistan – ösüşleriň mekany” ady bilen kitap sergisi gurnaldy we edebi-sazly agşam geçirildi.

Çärede Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän beýik işleri dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen rowaçlanýan gatnaşyklar, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, ýer ýüzünde durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýändigini, hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitaraplyk Türkmenistan ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrülendigi, ýurdumyzyň Halkara Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berýändigini, döwletimiz gysga wagtda dünýäde özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde belent abraý-mertebä eýe bolýandygy barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Çäräniň dowamynda 106-njy orta mekdebiniň höwesjeň okuwçylarynyň ýerine ýetiren goşgulary, aýdym – sazlary çärä gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady.

Halkara Bitaraplygymyza bagyşlanyp gurnalan “ Bitarap Türkmenistan- ösüşleriň mekany ” ady bilen kitap sergisi çärä gatnaşýanlarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, il ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.