«Bitaraplyk — bagtyýarlygyň gözbaşy» atly söhbetdeşlik geçirildi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy hem-de Gypjak, Ýasmansalyk medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Watan mukaddesligi» muzeýinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Bitaraplyk — bagtyýarlygyň gözbaşy» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bagtly günlerini başdan geçirýän halkymyzyň bu günler göwün guşy al-asmanda, Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Bitaraplyk baýramyny dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Söhbetdeşlikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň baky Bitaraplygy bu biziň mizemez gymmatlygymyzdygy, Bitaraplyk syýasaty öz gözbaşyny milletimiziň taryhyndan we ruhy köklerinden alyp gaýdýandygy, goňşy döwletler bilen hoşniýetli dostlukly gatnaşykda bolandygy, merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan Garaşsyzlygy we baky Bitaraplygy halkymyzyň parahatçylygy häzirki wagtda hasyl bolandygy barada giňişleýin söhbet edildi.
Çäräniň ahyrynda Watanymyzyň şöhratly geljegini nazarlaýan beýik işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.