“Goşa mukaddesligiň baýramy”


“Goşa mukaddesligiň baýramy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 38-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Goşa mukaddesligiň baýramy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň hem-de ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň şanly 30 ýyllyk baýramy uludan belenilip geçilýär. Halkymyzyň şöhratly geçmişini, ajaýyp döwrümiziň ösüşlerini, nurana geljegimizi alamatlandyrýan bu goşa mukaddeslik kalbymyzda aýratyn orun tutýar. Bu gymmatlyklar bagtyýar raýatlarymyzyň ata watana bolan söýgüsini artdyrýar. Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri milli guwanjymyza hem buýsanjymyza öwrülen ýaşyl Tugumyzyň astynda dabaralanýar. Şanly seneler biziň gazanýan ösüşlerimizi, üstünliklerimizi dünýä buşlaýar.
Çärede Esasy Kanunymyza laýyklykda, raýatlarymyzyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny kesgitleýän kadalar yzygiderli durmuşa geçirilýändigi, döwletiň we jemgyýetiň demokratik ýörelgelere esaslanyp ösýändigi, hukuk ulgamynyň kämileşýändigi barada çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.