Türkmen halk dessanlaryndan


Türkmen halk dessanlaryndan



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynda Türkmen halk dessanlaryndan çeper okaýyş geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimizi watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde türkmen halk dessanlary uly ähmiýete eýedir. Çärede türkmen halk dessanlaryndan “Görogly” şadessanyň, Mollanepesiň “Zöhre-Tahyr”, Andalybyň “Baba Röwşen”, “Leýli -Mejnun” we birnäçe dessanlardan bölekleri çeper okaldy. Dessanlarda ündelýän halallyk, päklik, dogruçylyk, ynsanperwerlik ýaly umumadamzat ahlagynyň gözelligi ýaşlara ruhy terbiýe bermekde uly mekdep bolup hyzmat edýär. Halkymyzyň döreden rowaýatlarynyň şöhratly ata – babalarymyzyň wesýeti hökmünde köp asyrlyk durmuş paýhaslaryny özünde jemleýändigi, onda geçmişiň tejribesini geljek üçin aýap saklamagyň hem ertire ýetirmegiň her birimiziň we halkymyzyň öňünde durýan borçdugy barada aýdyp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň bagtyýar geljegi üçin beýik özgertmeleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.