Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaby barada söhbetdeşlik


Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaby barada söhbetdeşlik



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýaňy-ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda kitaphanaçylar bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabynyň many-mazmunyny ýaşlara wagyz etmek babatda duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda bu ajaýyp eseriň her adamyň durmuşyny dogry guramagy baradaky gollanmadygy buýsanç bilen nygtaldy. Milli Liderimiziň “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň dowamy bolan “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly eserinde öz beýanyny tapýan ýagşylyk, Watan we ene mukaddesligi, ylym-bilim, watançylyk, kitap, döredijilik, zehin, sungat, ekologiýa we tebigat terbiýesi babatdaky çuň we parasatly pikirler ýaşlar üçin durmuş mekdebi bolup hyzmat edýändigi uly buýsanç bilen nygtaldy. Geçirilen duşuşyk “Altyn Asyr” teleýaýlymynyň “Döwletli döwran” atly gepleşiginde ýazgy edildi.

Kitaphanaçylar Gahryman Arkadagymyzyň manyly ömrüni, beýik üstünliklerini dowam etdirýän, halkymyzy ýagty geljege, aýdyň ertirlere, dowamata batly gadamlar bilen alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň il-halkymyz üçin bitirýän beýik işleri üçin alkyş sözlerini beýan etdiler.