Wagyz-nesihat çäresi
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Bu wagyz-nesihat dabarasynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýöregesi» atly kitabynda ynsaplylyk, adalatlylyk, agzybirlik, dostluk, myhmansöýerlik ýaly birnäçe ýörelgelerimiz dogrusynda söhbet edilýändigi barada aýtdylar. Şeýle-de halkymyzyň milli ýörelgelerini, däp-dessurlaryny açyp görkezýän bu kitabyň – döwletimiziň berkararlygyny, Watanymyzyň abadançylygyny üpjün etmekde, nesilleri müňýyllyklaryň mizemez milli ruhunda terbiýelemekde ýol görkeziji, gymmatly çeşmeleriň biridigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Dabaranyň ahyrynda dabara gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň janynynyň sag bolmagyny, Garaşsyz hemişelik Bitarap ýurdumyz üçin, mähriban halkymyz üçin alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.