“Gender deňligi -zenanlara sarpa goýmak”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Gender deňligi -zenanlara sarpa goýmak” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlarynda ägirt uly üstünlikler, zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän orny hem döwrebap häsiýetde has-da ýokarlanýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwlet syýasatynda zenanlar, ýaş eneler baradaky alada hemişe ileri tutulýar. Häzirki döwürde türkmen zenanlary jemgyýetiň doly hukukly we işjeň agzalary bolup, olar ýurduň ykdysady, syýasy we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryna giňden wekilçilik edýärler.
Mähriban enelerimize gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramynda, durmuş ýörelgesine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdan milli ýörelgelerimiziň biridir. Gender deňligi adamlary ösüşlere, deňlige, sagdyn ýaşaýşa, düşünjeli,
ylymly-bilimli edip, hukuklaryny gazanmaga çagyrýar. Türkmenistanyň halkara derejesinde alyp barýan hoşniýetli hyzmatdaşlyklarynyň oňyn netijelerini, gender deňligi ýurdumyzda zenanlar üçin döredilýän ähli mümkinçiliklerden hem aýdyň görmek bolýar diýip täsirli gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny dowamata dowam edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.