Türkmen akyldary – dana Pyragy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Türkmen akyldary – dana Pyragy» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Dünýä nusgalyk pähim-paýhasy bilen öz dürdäne şygyrlarynda parasatly pikirleri jemlemegi başaran, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň adamzat kalbynda söýgi, mähir, ýaşaýşa bolan ynam döredip bilýän eserleri ýaş nesiller üçin uly terbiýeçilik mekdebi bolup durýanlygy, şeýle-de Beýik Pyragynyň arzuwlan berkarar döwleti häzirki döwürde ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe alyp barylýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.