Çagalaryň kitap dünýäsi
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda mart aýynyň 4-ne sagat 17.00-19.00 aralygynda 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli “Gülzemin” dynç-alyş söwda merkeziniň 3-nji gatynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Mahabat” müdirligi bilen bilelikde “Maşgala we kitap” ady bilen kitap yarmarkasyny geçirmegi meýilleşdirýär we Sizi şol kitap ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrýarys.
Bu geçiriljek kitap ýarmarkasynda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy çagalara degişli kitaplary esasynda “Maşgala we kitap” ady bilen kitap sergisini gurnamak meýilleşdirilýär şeýle hem bu ýarmarka “Mahabat” müdirliginiň çagalar üçin çykarýan kitap önümleriniň, Ýaşlyk teleradioýaýlymyň “Siziň üçin, körpeler!” gepleşiginiň we Aşgabat teleýaýlymynyň döredijilik toparynyň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.