Saglyk arassaçylykdan başlanýar
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli, gujur-gaýratly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri hem bu ugurda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşýarlar.
Hünärmenler kitaphanany ýaşajyk okyjylary gyzyklandyrjak kitaplar, gazetdir žurnallar bilen üpjün etmek, şeýle-de degişli çäklerde ýerleşýän orta mekdepleriň başlangyç synp okuwçylary, mekdebe çenli çagalar edaralaryna gatnaýan körpeler bilen baglanyşykly döwrüň öňe çykaran meseleleri bolan okamak, zamanabap innowasion tehnologiýalardan baş çykarmak, degişli saýtlardan elektron kitaplary tapyp okamagyň ýollary, usullary barada internet ulgamy arkaly belli bir aradaşlykdan düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Şonuň ýaly-da onlaýn görnüşde olar bilen söhbetdeşlikleri, bäsleşikleri, wagyz-nesihat işlerini, döredijilik duşuşyklaryny geçirýärler.
Wagyz-nesihat işinde ýaşajyk okyjylara öýde hem-de köpçülik ýerlerinde arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmek, bellenilen aradaşlygy saklamak ýaly möhüm endikler ündelýär. Ýaşajyk okyjylara ellerini yzygiderli ýuwmak hem-de zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen tämizlenmek, köpçülik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini ulanmak, dogry we wagtly-wagtynda iýmitlenmek barada lukmanlaryň maslahatlary hem diňledilýär. Uly ýaşly okyjylara öý-içerini yzygiderli tämizlemek, şemallatmak, arassaçylygy berjaý etmek bilen bagly düşündiriş işleri geçirilýär.
Bilesigeliji okyjylara ene-mamalarymyzdan dowam bolup gelýän üzärlik ösümligini tütetmegiň keselleriň öňüni almakda peýdaly täsirleri barada hem gürrüňler berilýär. Ýaşajyk okyjylar, kitapsöýüjiler bu gürrüňleri uly gyzyklanma bilen diňleýärler. Olar arassaçylygyň düzgünlerini doly we dogry berjaý edip, özlerini gyzyklandyrýan kitaplary, beýleki neşirleri uly höwes bilen okaýarlar. Aýratyn-da hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki işinde beýan edilýän ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri barada maglumatlar, olaryň duş gelýän ýerleri, keselleri bejerijilik häsiýeti, aýratynlyklary kitaphananyň okyjylary tarapyndan uly gyzyklanma bilen okalýar.
Bize işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri açyp berýän, ynsan saglygyny ähli zatdan öňde goýýan we bu ugurda ägirt uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri rowaç bolsun!
Gülşat AMANBERDIÝEWA