“Arkadagyň eserleri –rowaçlygyň aýdyň ýoly” atly wagyz-nesihat çäresi
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy 133-nji orta mekdepde “Arkadagyň eserleri –rowaçlygyň aýdyň ýoly” ady bilen wagyz-nesihat çäresini gecirdi.
Çärede çykyş edenler “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, yhlasy bilen gysga döwrüň içinde uly ösüşlere, özgerişlere eýe bolandygy, Watanymyzyň parahatçylygyň, abadançylygyň saklanmagynda aýdyň ýol bilen ösýändigi, şeýle-de ýaş nesilleriň terbiýesi, olaryň ylymly-bilimli bolmagy, hormatly Prezidentimiziň ileri tutýan wajyp meseleleriniň biri, diýip belläp geçdiler.
Mähriban Arkadagymyzyň eserleriniň gymmatlyklary her bir ýaş ýürekde mäkäm orun tutmalydygy hem-de türkmen halkynyň ajaýyp däp-dessurlary, myhmansöýerligi, her bir işe parasatly çemeleşmegi, edep-terbiýe barada giňden gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkyna ajaýyp eserleri yzygiderli sowgat edýän Gahryman Arkadagymyzyň il-halkyň bagtyýar ýaşamagy, ýaş nesillerimiziň ýagty ertiri üçin alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.