«Konstitusiýamyzda Ýaşyl Tuguň öwüşgini»


«Konstitusiýamyzda Ýaşyl Tuguň öwüşgini»



«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda 2020-nji ýylyň 18-nji maýynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygy hem-de Döwlet baýdagymyzyň baýramy giňden bellenilip geçilýär. Bu gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň Konstitusiýasy diňe bir Garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen jemgyýetiniň okgunly ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitleýän esasy kanuna öwrüldi. Döwlet baýdagyna bolan hormat-sarpa milletimiziň ganyna, aňyna siňip, milli häsiýet aýratynlyklarymyzyň birine öwrülendigini subut edýär.
Mukaddes Tuguň astynda jebisleşen halkymyz bu gün milletimiziň at-abraýynyň, mertebesiniň belende göterilýän berkarar döwletinde özüniň bagtyýarlyk döwrüne ynamly gadam basdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygy hem-de Döwlet baýdagymyzyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Konstitusiýamyzda Ýaşyl Tuguň öwüşgini» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde «Ýaşyl tugum dünýä düşýär ýalkymyň» ady bilen giňişleýin kitap sergisiniň gurnalmagy bu dabara gatnaşanlarda ulu täsir galdyrdy.