“Türkmen halk ertekileri” kitabyndan


“Türkmen halk ertekileri” kitabyndan



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmen Standartlarynyň Baş Döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda “Türkmen halk ertekileri” kitabyndan gürrüň geçirildi.
Bu çärede ertekileriň türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biri bolup durýanlygy, ertekileriň esasan hem halkyň bagtly durmuşy hem-de, fantastiki, haýwanlar hakynda ýazylan toparlara bölünýändigi, jadyly ertekilerde adamlar tebigatyň gara güýçlerine garşy göreş alyp barýanlygy şol göreşlerde adamyň döw, aždarha, jyn ýaly güýçlerden üstün çykyşy we “Türkmen halk ertekileri” kitabyndan “Akpamyk” ertekisindäki paýhasly sada gyzyň gabat gelen kynçylyklary ýeňmegi başaryşy, Akpamygyň doganlaryny tapyp, olaryň hormatyna mynasyp bolanlygy we doganlaryny döwler öldürensoňlar, ahy-nala çekip oturman, derrew agalaryny direltmegiň ugruna çykanlygy barada gürrüň berdiler we okalan ertekiler esasynda çagalar bilen sorag-jogap alyşdylar.