Täze neşiriň şuglasy


Täze neşiriň şuglasy



Ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy, Aşgabat şäheriniň 82-nji orta mekdebi bilen bilelikde Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Dabarada çykyş edenler mähriban Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň köňüllere ylham paýlaýanlygyny, onuň içindäki rowaýatlar, tymsallar barada giňişleýin gürrüň berdiler. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky çuňňur manyly pikirler, milliligimizden ugur alyp, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri esasynda ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Muňa kitapda görkezilen durmuş ýörelgeleri we ýerlikli peýdalanylan tymsallar, atalar sözleri we nakyllar aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, bu eseriň ýaşlar üçin gymmatly ýan kitaby boljakdygy we olar tarapyndan uly gyzyklanma bilen içgin öwreniljekdigi şübhesizdir.
Ajaýyp kitaplary halkymyza sowgat edýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!