“Garaşsyzlyk – şöhratym sen, şanym sen”


“Garaşsyzlyk – şöhratym sen, şanym sen”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 132-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Garaşsyzlyk – şöhratym sen, şanym sen” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Şu şatlykly günlerimizde döwletimiziň baş baýramy - Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni uly dabaralar bilen bellenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, edara-kärhanalarynda uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Sebäbi Garaşsyzlyk-halkyň çüwen ykbaly.Garaşsyzlyk-bagtymyzyň gözbaşy.

Çärede çykyş edenler ýurdumyzyň her bir pudagynda ýetilen sepgitler, gazanylýan üstünlikler barada, Gahryman Arkadagymyzyň guran ajap zamanasynyň dowamata dowam bolan Arkadagly Serdarymyzyň nesillere nusga, asyrlara barabar ägirt uly işleri amala aşyrýandygy barada beren gyzykly gürrüňleri çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Okuwçylaryň baýramçylyk mynasybetli özleriniň taýýarlan gysgajyk sahnalary, goşgulary hem-de nutuklary bilen eden çykyşlary çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.

Çäräniň soňunda üstünlikleriň sakasynda duran Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar şu güni hem-de geljegi ugrunda alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.