Zenan hormaty


Zenan hormaty



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda “Zenan hormaty” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak mermerli şäherimiz Aşgabatda 12-13-nji maýda möhüm syýasy waka, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we zenanlar dialogy geçirilýändigi, dialogyň esasy maksady Gender deňligini gazanmak, sebitiň döwletleriniň zenanlarynyň syýasy işlere gatnaşygyny, şeýle-de parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde hyzmatdaşlygyny berkitmekden, hususan-da durmuş ulgamynda ylymy-bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti we sungaty ösdürmäge gönükdirilen köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, şol sanda mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybaratdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Bu foruma Merkezi Aziýanyň, ýagny Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Russiýa Federasiýasyndan birnäçe wekilleriň gatnaşýandyklaryny, şeýle-de gelen myhmanlaryň bu forumyň ýokary derejede gurnalandygy barada eden çykyşlary we bu forumyň geçişi hakynda çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda halklaryň dost-doganlygyny pugtalandyrmak ugrunda beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.