“Ylym zeminiň zynaty”


“Ylym zeminiň zynaty”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda, Ylymlar güni mynasybetli “Ylym zeminiň zynaty” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzyň her bir gününiň toýdur baýramlara, taryhy wakalara beslenýändigini, şeýle-de ýurdumyzyň ösüşlerinde ylym-bilimiň hem aýratyn ornunyň bardygyny, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň milli ruhda, watansöýji, zähmetsöýer kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirilýänligi barada uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda ylmyň iň täze gazananlary bolan Sanly ulgama durmuşa ornaşdyrmak we çagalaryň dürli dillerde bilim almaklaryny ösdürmek, ýaşlarymyzyň dünýäniň ösen ýurtlarynda gurnalýan ylmy bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary gazanmaklary, şeýle-de bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak ýaly birnäçe işleriň häzirki döwrümizde amala aşyrylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar halkynyň gelejegini ylymda-bilimde ösüp gelýän ýaş nesillerimizde görýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan edildi.