«Ähli döwürleriň kompozitory» atly dabara geçirildi
Şu gün «Ähli döwürleriň kompozitory» ady bilen Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli edebi-sazly dabara geçirildi.
Kitaphana işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Türkmen döwlet Medeniýet we sungat mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen dabarada baýry kitaphana işgäri, kompozitoryň doganoglany Ogulnyýaz Gulmuhammedowa onuň ýaşlyk we kämillik ýyllary hakynda giňişleýin gürrüň berdi.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy, kompozitor Meret Annamyradow öz halypasynyň ömri we döredijiligi, onuň nesillere miras galdyran saz eserleriniň ähmiýeti barada aýratyn durup geçip, ussadyň türkmen kinofilmleri üçin ýazan sazlaryndan bölekleri fortepianoda ýerine ýetirdi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy, sazşynas, «Nury Halmämmet» atly kitabyň awtory Jemile Gurbanowa guýmagursak zehinli kompozitoryň döreden eserleriniň diňe bir halkymyzyň däl-de, eýsem, dünýäniň aýdym-saz äleminde öz mynasyp ornuny tapýandygyny anyk mysallar arkaly gürrüň berdi. Dabara gatnaşan myhmanlar bilen talyp ýaşlar sowal-jogap alyşdylar. Bu ýerde gurnalan kitap sergisinde kompozitoryň durmuş we sungat ýoluna bagyşlanan kitaplar, ylmy edebiýatlar, fotosuratlar, onuň notalarynyň ýygyndylary görkezildi.