«Türkmen halk ertekilerinden çeper okaýyş»


«Türkmen halk ertekilerinden çeper okaýyş»



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde «Türkmen halk ertekilerinden çeper okaýyş» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halk ertekileri, olaryň dürli görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti, erteki gahrymanlarynyň gylyk-häsiýeti, gyzykly wakalary barada täsirli gürrüňler edildi.
Kitaphananyň hünärmenleri çagalara ertekileriň birnäçesini okap berdiler. Dürli ertekili kitaplar, gurjaklar esasynda gurnalan sergi çagalarda uly täsir galdyrdy. Ýaşajyk okyjylarymyz gurjaklar esasynda ertekileri sahnalaşdyryp, gyzykly wagt geçirdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesillere döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.