Çagalar kitaphanasyna gezelenç guraldy
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus bilelikdäki orta umumy bilim mekdebiniň okuwçylary gezelenç etdiler. Bilesigeliji okuwçylar kitaphananyň bölümleri, olaryň alyp barýan işleri, gurnalan sergiler, geçirilýän köpçülikleýin çäreler bilen ýakyndan tanyşdylar. Özlerini gyzyklandyrýan kitaplary uly gyzyklanma bilen okadylar. Kitaphananyň hünärmenleri bilen özara sorag-jogap alyşdylar.
Kitaphana syýahata gelen okuwçylar ýaş nesiller üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.