“Bitaraplyk – bagtymyzyň gözbaşy”


“Bitaraplyk – bagtymyzyň gözbaşy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Bitaraplyk – bagtymyzyň gözbaşy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine ygrarlydygy barada belläp geçdiler. Şeýlede dünýäniň syýasy giňişliginde mynasyp orun tutýandygy, ykdysady taýdan kuwwatlydygy, syýasy taýdan dunukly hem asudadygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda Halkara Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli gurnalan kitap sergisine syn berildi.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda dünýä nusgalyk işleri bitirýän baky Bitaraplyk hukuk derejämizi, parahatçylyk ýoluny mynasyp dabaralandyrýan hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.