“Ruhy gymmatlyklaryň hazynasy”


“Ruhy gymmatlyklaryň hazynasy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyndan “Ruhy gymmatlyklaryň hazynasy” ady bilen kitap sergi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Köpetdagyň eteginde bina edilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkymyza sowgat beren “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitaby, her birimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp gymmatly ruhy hazyna bolup durýanlygy şeýle-de Milli Liderimiziň täze eserinde ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýoly baradaky ýatlamalaryny, pikir garaýyşlaryny çeper beýan edýär.

Bu kitapda şöhratly taryhymyza paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna hem-de halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesile geçirip gelýän asylly däp-dessurlaryna, eziz Diýarymyzyň häzirki döwürdäki ösüşlerine aýratyn üns berilýändigi, barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda özüniň ajaýyp eserleri bilen türkmen halkyny galkyndyrýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.