«Sazlaşykly owaz» atly şygryýet agşamy
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Döwlet baýragynyň eýesi söýgüli şahyrymyz Gurbannazar Ezizowy ýatlap, Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän 21-nji, 132-nji, 134-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepleri bilen bilelikde Türkmenistanyň halk ýazyjysy G. Ezizowyň ýagty ýadygärligine bagyşlap «Sazlaşykly owaz», «Şahyr hem tebigat», «Türkmen sährasynyň waspçysy» atly şygryýet agşamyny geçirdi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan türkmen jemgyýetiniň ruhy galkynyşy nesillerimiziň ruhy kämilligini üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak eserleri döreden şahyrlarymyzyň, ýazyjylarymyzyň, sungat ussatlarymyzyň atlary şöhratlandyrylýar.
Juda gysga ömründe halkyna asla könelmeýän serpaý ýapan, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet hem-de Ýaşlar baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna düzülen aýdymdyr, goýlan sahna oýnyny mekdep okuwçylary ýerine ýetirdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan«Ýagşyny ýatlap» atly göçme kitap sergisi hem mekdep okuwçylarynda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.