“ Kitap akyl- paýhas hazynasydyr ” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik


“ Kitap akyl- paýhas hazynasydyr ” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Kitap akyl- paýhas hazynasydyr ”atly kitaphana işgärleri bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde mähriban halkyny bagtyýarlyga besläp, bütin adamzady nurana geljege çagyrýan hormatly Prezidentimiziň gymmatly eserleri dogrusynda, olaryň ýaşlar üçin uly gollanma bolýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Kitaphana işgärleri Mähriban Arkadagymyzyň eserleriniň dünýä dillerinde terjime edilip, olaryň dünýä okyjylary tarapyndan gyzgyn garşylanandygy, söýlüp okalýan eserlere öwrülendigini hem buýsançly bellediler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, gymmatly eserleriniň köp bolmagyny arzuw etdiler.