“Baş saglygym-altyn jygam”


“Baş saglygym-altyn jygam”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynda “Baş saglygym-altyn jygam” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde döwletimiziň iň gymmatly baýlygy saýylýan ynsan saglygynyň, berk bedenliligiň, gujur-gaýratyň gözbaşy bolan sport we saglygy goraýyş ulgamlarynda uly öňegidişlikleri hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak ilatyň saglygyny berkitmegiň we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagy üpjün etmegiň, kämil şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmek barada, “Il saglygy-ýurt baýlygy” diýen pähime eýerip, halkymyzyň saglygyny hemme zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleriniň aglabasynda jemgyýetiň esasy baýlygy sagdyn durmuş ýörelgesine we onuň durmuşymyza ornaşdyrylyşyna aýratyn ähmiýet berilýändigi, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň saglyk we sport ulgamyna degişli eserleriniň ynsan saglygyny berkitmekde hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde ajaýyp eserlerdigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplaryndan kitap sergisi hem gurnaldy.