«Bitarap Watanym-Türkmenistanym»
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy Aşgabat şäherindäki 79-njy orta mekdepde Baky Bitaraplygymyzyň 25- ýyllygy mynasybetli «Bitarap Watanym-Türkmenistanym» ady bilen wagyz –nesihat çäresini geçirdi.
Çärede çykyş edenler «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetli ýörelgesiniň dünýä dolýandygy, Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň milli ýörelgelerini döwrebap derejede ösdürýändigi, hoşniýetlilik, dost-doganlyk, parahatsöýüjilik ýaly asylly ýörelgelerimiziň dünýä nusgalyk bolup, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza esaslanyp ösdürilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Baky Bitaraplygymyzyň 25 – ýyllygyna bagyşlanyp kitap sergisi gurnaldy. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplar dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.