«Bitaraplyk – parahatçylygyň ygtybarly kepilidir» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi


«Bitaraplyk – parahatçylygyň ygtybarly kepilidir» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk – parahatçylygyň ygtybarly kepilidir» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bütindünýä bileleşigi tarapyndan beýik gymmatlyk hem-de ählumumy taglymat höküminde ykrar edilen Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň geljeginiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goramakdan ybarat bolup durýandygy, şeýle-de Hemişelik Bitaraplyk diýmek, rowaçlyk, asudalyk, bagtyýarlyk, ebedi parahatçylyk diýmekdir, Parahatçylyk bolsa, ähli eşretleriň gözbaşydyr diýip çärede çykyş edenler belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.