Milli mirasymyzda Magtymguly Pyragynyň waspy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi Aşgabat şäheriniň 79-njy orta mekdebinde «Milli mirasymyzda Magtymguly Pyragynyň waspy» atly kitaphana syny geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip atlandyrylan ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, milliligini, däp-dessuryny, ylmyny-bilimini öwrenmeklige giň ýol açyldy. Kitap synynda ösüp gelýän ýaş nesillerde kitaba bolan höwesini döretmekde ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak babatda uly aladalar edilýär.
Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.