Mähribanlyk, parahatlyk Tugy sen!
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Mähribanlyk, parahatlyk Tugy sen!» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli söhbetdeşlige gatnaşyjylary gutlamak bilen, bu ajaýyp goşa baýramyň, ýagny biziň Bagt Kanunymyzyň, şeýle hem biziň mukaddes ýaşyl Baýdagymyzyň bilelikde baýram edilmeginiň uly hem çuň manysynyň bardygyny nygtadylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.