Hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky Merkezi kitaphanasynyň guramagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.
Çärede kitaphanamyzyň okyjylary bolan talyp ýaşlara «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýilip yglan edilendigi, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň «Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny türkmen halkyna sowgat edendigi, bu gymmatly eseriň giň okyjylar köpçüligine ajaýyp sowgat bolandygy barada belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda bütindünýä mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan Änew medeniýeti baradaky gymmatly maglumatlary düýpli öwrenmekde alnyp barylan arheologik gazuw-agtaryş barlaglary, Änew şäheriniň örän baý taryhy medeniýetiniň bardygy barada talyp ýaşlara giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda okyjylar köpçüligine gowşan täze kitaby, biziň her birimizi buýsandyrýandygy barada belläp şeýle ajaýyp kitaplary bilen halkyny ruhlandyrýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.