“Özbek diliniň düşündiriş sözlüginiň” 5 tomlugynyň gowşurylyş dabarasy


“Özbek diliniň düşündiriş sözlüginiň” 5 tomlugynyň gowşurylyş dabarasy



Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan sowgat berlen “Özbek diliniň düşündiriş sözlüginiň” 5 tomlugynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Dabaranyň dowamynda Bagdagül Samedowa Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisine sowgat berlen kitaplaryň giň okyjylar koplügine wagyz ediljekdigi, kitaphana gaznasynda uly orun tutjakdygyny belläp minnetdarlygyny bildirdi hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe döredilýän giň mümkinçilikler üçin sag bolsun aýtdy.
Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň many-mazmuna ýugrulan kitaplarynyň, onuň özbek diline terjime edilen kitaplarynyň, hem-de özbek ýazyjy şahyrlarynyň kitaplarynyň sergisi gurnaldy.
Dabaranyň soňunda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň direktory Bagdagül Samedowa türkmen-özbek gatnaşyklary barada söz sözledi hem-de özara gatnaşyklara giň mümkinçilikleri döredip berýän Mähriban Arkadagymyza minnetdarlyk bildirdi.