Ak şäherim Aşgabat


Ak şäherim Aşgabat



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen 80-nji orta mekdebiň bileikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Ak şäherim Aşgabat” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda” Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň okgunly dowamy ähli halkymyzy guwandyrýandygy, buýsandyrýandygy, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň tanalmaz derejede özgerip, gözel keşbi görenleri haýrana goýýandygy, şeýle-de Ak mermerli binalaryň, nurana ýollary, al-elwan güllere beslenen ýaşyl zolaklary, ajaýyp suw çüwdürimleri, gür baglyga beslenip oturan seýilgähleriniň gül görki, ajaýyp durky bilen ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrýandygy, Aziýanyň merjen şäheri diýlip atlandyrylýan, aýdyň ertirlere ak ýollar bilen barýan ajaýyp Aşgabadyň hemişe waspa mynasypdygy barada buýsançly gürrüň etdiler.
Çäräniň ahyrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň okamaklary, öwrenmekleri, döretmekleri üçin giň mümkiçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.