«Arkadagly Gahryman Serdar bilen ak ýollara rowana» ady bilen kitap şüweleňi geçirildi


«Arkadagly Gahryman Serdar bilen ak ýollara rowana» ady bilen kitap şüweleňi geçirildi



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde «Arkadagly Gahryman Serdar bilen ak ýollara rowana» ady bilen kitap şüweleňini geçirdi.

Geçirilen şüweleňe paýtagtymyzyň ýaşaýjylary bilen bir hatarda, kitaphananyň hemişelik okyjylary hem gatnaşdy. Gurnalan kitap sergisi okyjylarda uly täsir galdyrdy. Sergide çagalar edebiýatyna degişli kitaplaryň dürli görnüşi ýerleşdirildi. Kitap şüweleňi bir hepdeläp dowam etdi.