Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Saglyk–iň uly baýlyk” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik


Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Saglyk–iň uly baýlyk” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň okuwçylary bilen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Saglyk – iň uly baýlyk” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli bolmagyny, zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak babatda ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz okuwçylara sagdyn durmuş ýörelgelerini elmydama berk berjaý etmegi ündediler.

Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy işinde ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikler, olaryň ähmiýeti, ulanyşy, aýratynlyklary barada gürrüňdeşlik geçirildi. Kitaphanamyzyň gurnan göçme kitap sergisi hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda il saglygyny ähli zatdan ileri tutýan we bu ugurda giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.