“Türkmen halk matallary”
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomus paslynyň ilkinji günlerinde Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Türkmen halk matallary” atly söhbetdeşligi geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigelji okyjylarymyz bilen gadymy hem müdimi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda hoşalap şü günki günlerimize ýetiren paýhas hakydasy barada gürrüň berdiler. Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çeşmäň başynda çagalar matallar aýdyşyp bäsleşdiler we wagtlaryny gyzykly we ýatda galyjy geçirdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy .
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda bize şeýle gymmatlyklary döredip beren Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan etdildi.