Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk – umumadamzat ähmiýetli sungatdyr


Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk – umumadamzat ähmiýetli sungatdyr



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Täze zaman ýaşaýyş jaý toplumynyň Medeniýet merkezinde ,,Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty’’ ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk - umumadamzat ähmiýetli sungatdyr” ady bilen aýdym – sazly maslahat geçirildi
Aýdym – sazly maslahatda dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty hakynda söhbet edilip, milli mirasymyza, aýdym – saz sungatymyza belent buýsançlaryny beýan etdiler.

Milli medeniýetimize, sungatymyza çäksiz sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, şu gymmatlyklaryň bu günki gün dünýä ýaýylmagy olara bolan gyzyklanmany has-da artdyrýandygy,halkymyzyň baý medeni mirasynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, geljek nesillere ýetirilmegine gönükdirilen asylly işlere uly itergi berýändigi barada şeýle-de dutara ömrüni bagyşlan halypalar hakynda hem-de hormatly Prezidentimiziň türkmen medeniýetine, sungatyna bagyşlanan kitaplarynyň her birimiz üçin ýakyn gollanmadygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Aýdym- sazly maslahatyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň dutarda ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlary hem-de milli gymmatlyklarymyzyň, kitap sergisiniň giňişleýin gurnalmagy oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Maslahatyň ahyrynda halkymyzyň medeni-taryhy ruhy gymmatlyklaryny, milli sungatyny gorap saklamak we olaryň umumadamzat ähmiýetini dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işleri yzygiderli durmuşa geçirilýänligi üçin Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.