“Magtymgulynyň döredijiligi ruhy dünýämiziň hazynasy”


“Magtymgulynyň döredijiligi ruhy dünýämiziň hazynasy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäher Maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymgulynyň döredijiligi ruhy dünýämiziň hazynasy” ady bilen göçme sergi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede şöhratly taryhymyza nazar aýlanyňda gymmatly edebi mirasymyzyň bardygyna göz ýetirýärsiň. Akyldar şahyryň döredijiligi akyl-paýhasa, öwüt-nesihata ýugrulandyr. Şonuň üçin onuň goşgularynda düýpli pikirler, pelsepewi garaýyşlar, edebi ýörelgeler esasynda beýan edilýär. Akyldar şahyryň sözleri, pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny hem-de watançylyk ruhuny belende galdyryp, diňe milli däl, eýsem dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Häzirki döwürde Magtymgulynyň goşgulary parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.