“Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek – borjumyz”


“Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek – borjumyz”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy 137-nji orta mekdepde “Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek – borjumyz” ady bilen gürrüňdeşlik geçirdi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda uly işleriň alnyp barylýandygy, eziz Diýarymyzyň dürli künjeginde gurulýan şaýollar, gara ýollar barada, döwletimizde bellenilýän “Ýol hereketiniň düzgünleri – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilýän bir aýlyk çäre esasynda ýol hereketiniň düzgünleri, pyýadalar üçin gurlan geçelgeler, ýoldan geçeniňde ilki dykgat etmeli zatlar, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek barada berilýän maslahatlar barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylary öz goşgulary bilen çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda adam hakyndaky aladanyň barha rowaçlanýan döwründe halkyň saglygy ugrunda uly aladalar edýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.